Hoşniýetli dostlukly gatnaşyklar

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary üstünliklere beslendi. Munuň özi hoşniýetli gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup durýar. Türkmenistan ýurdumyz bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolunda bolup, syýasy dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilen.
Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda iki döwletiň dostlukly duşuşygy, özara hyzmatdaşlygy barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy, dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň beýany barada çykyşlar boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm