Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda halkymyzyň saglygyny goramak döwletiň baş wezipesi bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ulanmaklygyň, adamlaryň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we saglygy dikeltmekde örän wajypdyr. Milli Liderimiziň kitaplary il-ulusyň, özem diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, köpsanly halklaryň ýan kitabyna öwrüldi. Muňa Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi hem şaýatlyk edýär.

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň neşir edilmegi hormatly Prezidentimiziň türkmen halky hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasydyr. Bu ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin beýan edilýär. Kitapda Garaşsyz we baky Bitarap Diýarymyzyň ajaýyp tebigatynyň, ösümlik dünýäsiniň, her bir dermanlyk ösümlikleriň reňkli şekilleri berilýär. Munuň özi her bir okyja biziň gözel, özboluşly tebigatymyz bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Dermanlyk ösümlikleri öwrenmegiň we ulanmagyň usullarynyň we taryhynyň berilmegi diňe bir alymlar, hünärmenler üçin gymmatly bolman, eýsem her bir adam üçin hem örän gyzykly bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň bu täze kitaby her bir suratkeş üçin ylham çeşmesi hökmünde hyzmat edip, türkmen topragynda önüp ösýän ösümlikleriň gözelligini wasp etjek tematik eserleriň, peýzažlaryň, natýurmortlaryň, dizaýn taslamalarynyň döremegine uly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XIII jildiniň hem öňki jildleri ýaly ynsanyň ýaşaýan ýerine, milletine, jynsyna, kärine, ýaşyna seretmezden diňe bir onuň saglygyny goramakda tapylgysyz ýan kitaby bolman, eýsem, halklaryň dostlaşmagynda we doganlaşmagynda, biziň ajaýyp ýurdumyz bolan Türkmenistanyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda geljekde hem uly orun tutjakdygy şübhesizdir.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm