«Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda «Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäginde türkmen milli gymmatlyklarynyň - halyçylyk, zergärçilik we keramika sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň sergisi guraldy. Sergide Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda zergärçilik önümlerini ýasamagyň usullary, keramika sungatynyň kämil önümlerini taýýarlamagyň tärleri, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimleri hakynda giňişleýin düşünje berýän ussatlyk sapaklary görkezilip, şeýle-de milli gymmatlyklaryň sergisine aýlanyp görüldi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm