Türkmen alabaýy – milli mirasymyz we buýsanjymyz
Türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gymmatlyklary bolup, taryhda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna kämil mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr.Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylda giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň «Türkmen alabaýy» atly döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň, zergärçilik, halyçylyk keramika ýaly ugurlarynda ýerine ýetirilen türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän döredijilik eserleri barada tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.