«Parahatçylygyň şahyry» atly okuw sapagy

2025-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň «Parahatçylygyň şahyry» atly bölümine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda «Magtymguly Pyragy – türkmen milli ruhunyň synmaz binýady», «Dana akyldaryň döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň çeper bezegi», «Şahyryň goşgularynda parahatçylygyň waspy», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Magtymguly Pyragynyň paýhasly keşbi», «Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini belende göteren danadyr», «Türkmen haly sungatynda dana şahyryň döredijiligi» ýaly temalar boýunça birnäçe gyzykly maglumatlar beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm