Döredijilik eserlerinde türkmen alabaýynyň waspy
Alabaýlar türkmen halkynyň baý milli mirasy we gymmatlyklarynyň biri bolup, dünýäniň medeni gymmatlyklaryna ajaýyp mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr. Şeýle gözelligi öz döredijiliginde beýan etmegi başarýan ýaş suratkeşleriň döredijilik dünýäsine syýahat etmek has-da täsirlidir.2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda «Türkmen alabaýy» atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýaş mugallymlarynyň we zehinli talyplarynyň döredijilik eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan ýatdan çykmajak waka beslendi.
Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde türkmen gymmatlygyna we öz hünärine bolan hormatyny, söýgüsini görmek bolýar. Şeýle döredijilik sergileriň yzygiderli geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň galyberse-de, sungatynyň medeniýetiniň has baýlaşmagyna ýol açýar.