Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy we onuň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri, tagallalary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini yzygiderli bellediler.