Sagdyn nesil – röwşen geljek
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jemgyýetimiziň sagdyn-durmuş ýörelgelerine uly üns berilmegi ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan medeni hem-de sport çäreleriniň nesil saglygynda uly ähmiýetiniň bardygy hakykat. Eziz Diýarymyzda nesilleriň saglygy röwşen geljegimiziň kepili hökmünde dabaralanýar.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ir säher bilen Saglyk ýolunda dabaraly ýöriş geçirildi. Dabaraly ýörişe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Watanymyzyň abraýly bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarydyr hem-de talyp ýaşlary Saglyk ýolunda dabaraly ýörişi agzybirlikde geçdiler. Saglyk ýolunda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň birnäçe talyp ýaşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça oýunlara gatnaşdylar. Diýarymyzyň gözel tebigatynyň tämiz howasyndan ylham alan talyp ýaşlarymyz joşgunly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ir säher bilen Saglyk ýolunda dabaraly geçirilen ýöriş, talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda iň bir ýatdan çykmajak taryhy pursatlaryň birine öwrüldi. Talyplar tebigatyň gözel keşbini synlap, täze ajaýyp eserleriniň taslamalary boýunça gözleg işlerini ýerine ýetirdiler. Açyk asmanyň astynda döredilen nakgaşçylyk, grafika eserleriň reňk çözgüdi özüniň tämizligi bilen her bir tomaşaçynyň, aýratyn hem döredijilik işgärleriniň ünsüni özüne çekýär. Şular ýaly dabaraly ýörişleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň saglygy babatynda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler diýseň guwandyryjy waka.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri