Halkara dostlukly gatnaşyklar

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gözel paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy we ylmy maslahaty boldy. Halkara çäräniň meýilnamasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Sankt-Peterburg döwlet senagat tehnologiýalary we dizaýn uniwersitetiniň wekili Irina Iwanowa Alekseýewnanyň duşuşyk sapary boldy. Hormatly myhman dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen tanyşdyryldy. Sungat ojagynyň «Altyn fondy» muzeýinde sergilenen zehinli talyplaryň kämil sungat eserleri bilen içgin tanyşdyrylyp, ýokary okuw mekdebinde berilýän ähli hünärleriň alnyp barlyşy dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm