Çarymyrat Ýazmyradowyň «Reňklerdäki poeziýam» atly şahsy sergisi
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaş toýy mynasybetli, «Reňklerdäki poeziýam» atly şahsy sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Döwrümiziň öňdebaryjy suratkeşleriniň arasynda Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijilik ýoly öz içine köp sanly çeperçilik akymlary jemleýär. Ol modernizm – täzeçilligi, simwolizm – nyşanalygy, romantizm - arzuwçyllygy, realizm – durmuşylygy, sýurrealizm – ýokary aňyýeti, melanholizm – oý-hyýallary beýan edýän akymlara daýanmak arkaly öz dünýäsini biziň bilen paýlaşýar. Onuň dünýäsinde taryhy, epiki, maşgala, yşk, umyt we arzuwçyllyk ýaly temalar şahyranalyk bilen beýan edilýär. Esasan-da ýaşlyk we söýgi temasy onuň döredijilik durmuşyndan eriş-argaç bolup geçýär.