Şa serpaýyna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň hoşallyk sözleri

Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar.
Her ýylda däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda hoşallyk söhbetdeşligi geçirildi. Bu taryhy günde döwlet sylagyna mynasyp bolanlar şeýle şa serpaýlaryň ýapylmagy öz kärlerinde tutanýerli zähmet çekmäge ýene bir ýola uly ähmiýet berýändigini belläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyşlary aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm