Il saglygy ýurt baýlygy
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirilýän özgertmeleri, ýurdumyzda ýaşlar bilen bagly ýüze çykýan kanun bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler, işgärleriniň arasynda işleriniň ähmiýeti, ýaş nesillerde watansöýüjilik, ahlaklylyk, mertlik, edermenlik, arassa ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, bedenterbiýe sport bilen meşgullanmak, ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň däp-desssurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek, internetden maksatlaýyn peýdalanmak, şeýle-de jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlary, ýurdumyzyň şaýollarynda, köçelerinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýaşlar bilen bagly ýüze çykýan ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak işleri we şol ugurda düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada çykyşlaryň dowamynda giňişleýin gürrüň berildi.