Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem görkezildi. Sungat ojagymyzyň Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler, ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär. Ýurdumyzyň belent sepgitlerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini wasp edýän sungat eserleri sergä baran myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz bu serginiň ähmiýeti dogrusynda özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm