2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa we şägirtleri bilen «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisi açyldy. Bu sergä çeperçilik akademiýasynyň mugallym we talyplary, muzeý hünärmenleri hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Sergide külalçylyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Küýze önümlerinde türkmen durmuşyň gözelligini, milli aýratyn özboluşlylygyny, reňkleriň şekillerde sazlaşygyny ussatlyk bilen görkezilipdir. Mugallym Gülara Babaýewanyň hem-de keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik eserleriniň sergisini gurnamagynyň maksady, milli gymmatlyklarymyz bolan külalçylyk sungatynyň çeper aýratynlygyny wasp etmek hem-de amaly-haşam sungatynyň inçe tilsimlerini tomaşaçylara gürrüň bermek.