Döredijilik eserlerinde parahatçylygyň waspy

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda milli sungatymyzy ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk maslahaty mynasybetli «Garaşsyz Watanymyzda parahatçylygyň we Halk maslahatynyň rowaçlanmagy» atly döredijilik sergisi mugallymlaryň, talyplaryň hem-de myhmanlaryň gatnaşmaklarynda açyldy. Ýaş talyplaryň döredijilik eserlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini we aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny suratlandyryp, bagtyýar durmuşyň keşbi aýdyň şöhlelenýär. Döredijilik sergisi tomaşaçylara özüniň täsirini ýetirip, serginiň esasy maksady ýaşlarymyzyň döredijilik eserlerinde eziz Diýarymyzyň asudalygyny hem-de parahatçylygyny wasp etmek. Şeýle-de talyp ýaşlarymyzda ata Watanymyza bolan söýgini artdyrmak.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar döwrümizde hemişelik Bitaraplygymyzyň, şanly Garaşsyzlygymyzyň, şöhlesi uzaklara nazarlaýar. Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşyp, maksatlar myrada gowuşsyn.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm