2025-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Miras” teleýaýlymynyň “Edebiň gözbaşy” atly gepleşiginde “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa we şahyr Baýramsoltan Gurbanowa gelin-gyzlarymyzyň döredijiligi we el işleri barada çykyş etdiler. Mugallym Bahar Pirgulyýewa döwrebap halyçylyk sungatynda peýadalanylýan täze usullaryň we serişdeleriň çeper taýdan özleşdirilişi hem-de zenanlar üçin niýetlenen haly önümleriniň dürli görnüşleriniň taslama çözgütlerini gürrüň berdi. Şahyr Baýramsoltan Gurbanowa özüniň şygyrlarynda Watanymyzy we milli halyçylyk sungatymyzy ussatlyk bilen wasp etdi.