Zenan kalby

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Zenan kalby” atly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewa, Bagtygül Hojageldiýewa, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Jeren Çaryýewa hem-de Oguldöndi Baýramgeldiýewa, “Grafika” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aksona Saparmedowa nakgaşçylyk, grafika, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk ýaly sungat eserleriň mazmunynda zenanlaryň ruhy dünýäsini, gözellik garaýyşlaryň şöhlelendirilişi barada täsin eserleri görkezildi we çeper taslamalaryň many-mazmunynyň, reňk sazlaşygynyň hem-de nagyş ulgamynyň aýratynlyklary bellenildi.

Paýlaş

04/07/2025

Zenan kalby

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Tü

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm