Halkara medeni çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda türkmen-hytaý atşynaslyk medeniýeti çäresiniň we hytaý ak farforynyň sergisiniň çäklerinde “Hytaý tagamlarynyň datlylygy – duşuşýarys we birek-birekden öwrenýäris” atly medeni çäresi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Medeni çäräniň açylyş dabarasy Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň, Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň täsirli çykyşlary datly tagamlaryň hödürlenmegi bilen baýlaşdy.Bir aýlap dowam eden sergidäki birnäçe eksponatlar – eýerler, bedew atlaryna bagyşlanan suratlar we heýkeller, dehua ak farforynyň häzirki zaman ajaýyp sungaty halklaryň arasyndaky hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň mizemez köprüsine öwrüldi.