Sungatymda bagtyýarlyk şuglasy

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň iýun aýynyň 23-ine Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Medeniýet we sungat kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy hem-de “Magtymguly Pyragy – köňülleriň şahyry” atly suratkeşleriň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Sergä çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Aýjemal Çaryýewanyň “Şaý-sep toplumy” (2025), Wepa Gurdowyň “Aýgül” (2025), Patdyk Patdykowyň “Ussatlar” (2025) ýaly şekillendiriş we amaly-haşam döredijilik eserleri ýaýbaňlandyryldy. Sungat eserlerinde ata Watana bolan mukaddes söýgi içgin duýlup, milli gymmatlyklarymyz, merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz hem-de gözel tebigatymyz çeper beýan edilipdir.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm