2025-nji ýylyň 03-08-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Wepa Gurdow Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 13-nji halkara forumyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller gatnaşdylar. Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäheriniň Şekillendiriş sungat muzeýi we Hanjow şäheriniň Shejiang welaýat sungat muzeýlerinde saklanylýan milli gymmatlyklar bilen tanşyldy. Soňra wekillere ýolbaşçylyk eden suratkeş Donk özüniň ussahanasynda saklanylýan portret eserleri bilen tanyşdyrdy. Şeýele-de Hytaý Halk Respublikasynyň gözel ýerlerine hem-de taryhy ýadygärliklerine gezelenç edildi.