Magtymguly Pyragy – nesil terbiýesiniň ussady
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy – nesil terbiýesiniň ussady» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly birinji bölümçede milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy ösdürmäge uly üns berilýän Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki gazanýan üstünlikleri barada maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Maslahatda mugallymlaryň we talyplaryň “Magtymguly Pyragynyň beýik heýkeliniň döredijilik aýratynlygy”, “Binagärlik sungatynda milli ýörelgeler”, “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigat gözelligi” ýaly birnäçe ylmy çykyşlar ýerine ýetirildi.“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe – Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy” atly ikinji bölümçede türkmen halkynyň söz ussady dana Pyragynyň goşgy setirleri il içinde nakyllara öwrülendigi barada bellenilip geçildi. Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny eýeleýän öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar hem aýratyn orun tutýar. Bu temada Magtymguly Pyragynyň jöwher paýhasyndan dörän “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Aýrylma” ýaly şygyrlaryny mysal getirmek bilen maslahatda çykyş edenler bellediler.
“Milli sungatymyz – milli buýsanjymyz” atly üçünji bölümçede “Jeýtun medeniýetiniň şekillendiriş sungaty”, “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda gyz edebiniň gözelligi”, “Şekillendiriş eserlerinde beýik şahsyýetleriň keşbi” atly ýerine ýetirilen çykyşlar täsirli boldy.
“Halkyň sungaty jemgyýetiň baýlygy” atly dördünji bölümçede Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki orny barada çykyşlarda bellenildi.