Milli zergärçilik sungaty bilen tanşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda “Balkan Trip TV” teleýaýlymynda görkezmek hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyna, ajaýyp tebigatyna we gözel ýerlerine bagyşlanan filmi surata düşürmek üçin, Russiýa Federasiýasynyň Кинокомпания “Вечный зов” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň döredijilik toparynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna geldiler. Türkmen zergärçilik sungatynyň çeper aýratynlyklary, ýasalyş usuly, dürli gaşlaryň ulanylyşy, ulanylýan gurallary hem-de serişdeleri barada sungat ojagymyzyň muzeýinde söhbetdeşlik geçirilip, zergärçilik sungaty üçin niýetlenen okuw otagynda bolsa, iş pursady ýazgy edildi. Şeýlelikde, “gülýaka”, “tumar”, “bilezik” we beýleki milli şaý-sepleriniň görnüşleri barada myhnanlara giňişleýin gürrüň berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm