Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň diplom goragy geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmeistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň talyplarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Talyplaryň diplom işlerinde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, grafika, binagärlik, dizaýn ýaly dürli ugurlar boýunça ýüzlenilen temalaryň ähmiýeti seljerilip, halypa mugallymlar tarapyndan şol eserleriň wajyplygy barada bellenildi. Talyplar Ogulgerek Pürsýänowanyň “Häzirki zaman türkmen nakgaşçylygynda täze gözlegler (B.Berkeliýewiň döredijiliginiň mysalyda)”, Abdyrahym Berdiýewiň “Türkmen milli at şaý-sepleriniň çeperçilik aýratynlygy (XX – XXI asyr)”, Şirin Janekowanyň “Türkmen haly sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi (A.Islamowa we G.Berdiýewa)”, Gurbanmyrat Rejepowyň “Aşgabat şäheriniň metjitleriniň binagärlik aýratynlyklary”, Babamyrat Gurbanowyň “Dizaýn suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi” atly çykyşlary boldy. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda öz döredijiligi bilen giň orun alan ýaş türkmen suratkeşleriniň döredijiligi barada taýýarlanan kitap monografiýalar we görkezme esbaplary synag toparynyň dykkatyna hödürlendi. Diplom goragyna gatnaşan alymlar tarapyndan talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini metbugatyň önümçiliginde ornaşdyrylmagy ýerlikli hasap edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm