Sungat ojagymyzda uçurymlaryň diplom goragy üstünlikli dowam edýär

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda uçurymlaryň diplom goragy üstünlikli dowam edýär. 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda sungat ojagynyň heýkeltaraşlyk, halyçylyk, zergärçilik we külalçylyk sungaty, hünärlerinde alty ýyl bilim alan talyplaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Dürli hünärler boýunça dowam edip gelýän diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.
Heýkeltaraşlyk hünärleri boýunça bilim alan talyplar Togrul Muhyýewiň “Milli at üstündäki oýunlar”, Daýanç Tejenowyň “Gopuzly gyz”, Hajymuhammet Baýramowyň “Gulbaba”, Abdylysmaýyl Maşdyýewiň “Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep”, Bekmyrat Bekmyradowyň “El hünäri”, Kerim Soltanowyň “Şükür bagşy” atly uly göwrümli heýkel işleri ýokary derejede ýerine ýetirilip, taslamadaky temanyň çuň mazmuny açylyp görkezildi. Bu döredilen sungat eserleriň her biri janly suratlandyrma eýedir.
Amaly-haşam sungatynyň halyçylyk hünärleri boýunça bilim alan talyplar Enejan Öwezowanyň “Baý tebigatly ülkäm”, Keýik Märkowanyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, Çynar Daşgynowanyň “Törebeg hanym ýadygärligi”, Ogulnabat Kalaýewanyň “Änew sährasy”, Maral Sähedowanyň “Gözel tebigat”, Altynaý Guwanowanyň “Türkmen bedewi”, Şirin Guwanjowanyň “Arkadag monumenti”, Şeker Guwanjowanyň “Akhan monumenti”, Bezirgen Ataýewiň “Eziz Watanym” ýaly birnäçe şekilli ajaýyp haly eserleri döredildi. Uçurymlar şekilli hem-de nagyşly täze halylary döretmek bilen, bu sungata degişli çeperçilik çözgütleri ussatlyk bilen kämilleşdirýärler.
Zergärçilik hünärleri boýunça bilim alan talyplar Isgender Annagulyýewiň we Süleýman Orazberdiýewiň “Keýikokara”, Hudaýýar Gylyçmyradowyň, Mekan Annaamanowyň, Şatlyk Ekäýewiň, Amanmyrat Gurbanweliýewiň “Tawus”, Baýramgül Hojaýewanyň, Didarmyrat Hallyýewiň, Çemen Käbeýewanyň, Göwher Ymmadowanyň “Sülgün”, Arslan Eýeberenowyň hem-de Döwletgeldi Myratgeldiýewiň “Bereketli türkmen saçagy” atly zergärçilik eserleri türkmen tebigatynyň gözelligini suratlandyrýar. Bu eserleri synlanyňda, zergärçilik sungatynda uçurym talyplaryň zehini, özboluşly çeperçilik ussatlygy, gözellik hakyndaky baý düşünjesini açyk-aýdyň beýan edendiklerine baha bermek bolýar.
Amaly-haşam sungatynyň külalçylyk hünärleri boýunça bilim alan talyplar Mähri Amanowanyň we Ogulboldy Piriýewanyň “Milli nagyşlar”, Leýli Nurlyýewanyň “Ýadygärlik”, Ogulşat Ödekowanyň “Milli nagyşly atly oýma usulda”, Oraztäç Atabaýewanyň “Türkmen milli nagyşlary”, Merjen Agamyradowanyň “Nagşa geçirilen damjalar”, Gülbahar Sarybekowanyň “Gadymy nagyşlar” atly küýzeler toplumy nepisligi bilen ýokary bahalandyrma eýe boldular.
Taslama eserlerinde külalçylyk sungatynyň gadymy döwürden häzirki güne çenli çeperçilik taýdan özgerişi barada beýan edilýär. Uçurymlar amaly-haşam sungatynyň görnüşlerinde çeper keşbi döretmekde çylşyrymly döredijilik yzygiderligini amala aşyrdylar. Netijede bolsa şowly eserler synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm