Şekillendiriş sungaty fakultetiniň uçurumlarynyň diplom goragy


2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşçylyk hem-de Grafika kafedrasynda bilim alan talyp ýaşlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi.
Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylygy, teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärinde ýerine ýetirilen dürli temalar boýunça giňişleýin çykyşlar beýan edildi. Dürli reňk öwüşginlere baý bolan häzirki ajaýyp döwrümiziň toýly günlerini, geçmiş taryhyny, ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän el hünärlerini, milliligi wasp edýän natýurmort taslamalaryny açyp görkezýän nakgaşlyk eserleriniň her biriniň giň mazmuna ýugrulan gymmatly maglumatlary barada gürrüň berildi.
Grafika kafedrasynyň kitap grafikasynda şahyrlar “Magtymguly Pyragynyň”, “Sädi Sädiýewiň”, “Aýgül Garaýewanyň” goşgulary, “Şirinjemal Geldiýewanyň” hekaýalary esasynda ýerine ýetirilen kitap bezeg işleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen milli toýuny, ene mährini, wasp edýän stanok işleri taslama gurluşy taýdan tapawutlandy. Bu ugurlarda ýerine ýetirilen her bir sungat eserleriniň çeperçilik aýratynlygy barada dürli çykyşlar ýerine ýetirildi.
Gutardyş dabarasynda sungat ojagymyzda bilim berýän ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri, talyp ýaşlaryň halypa-mugallymlary uçurymlaryň hünär ýolunyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm