«Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti»

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň ulydygyny yzygiderli bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm