Türkmenistan Watanymyz - bagtyýar çagalygyň mekany

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýakynda geçirilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi bilen çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryny tanyşdyrmak dabarasy boldy. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryny Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirilen döredijilik eserleriniň her biri bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.
Çeper eserleriň sergileri ýaşlaryň pikirlenmegini we hyýaly düşünjelerini ösdürmekde hem-de döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde täsiri uludyr. Sergide görkezilýän dürli tematiki eserler biri-birinden taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi hem-de çeperçilik usuly bilen tapawutlanyp, olarda dürli döredijilik pikirler açylyp görkezilýär. Bular dogrusynda sungat ojagymyzyň mugallymlary çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryna gyzykly hem-de täsirli maglumatlary gürrüň berdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm