Türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde çagalaryň waspy

Durmuşymyzyň güllerine deňelýän çagalar her bir ata-ene üçin iň eziz barlykdyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Diýarymyzda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, kadaly ösüp kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda geçirilýän her bir çäräniň ähmiýeti ýokarydyr.
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 30-njy maýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen «Türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde çagalaryň waspy» atly okuw maslahaty bilen tanşanyňda hem bu hakykata göz ýetirýärsiň. Okuw maslahatynda sungat ojagymyzyň halypa ussat mugallymlary şekillendiriş sungatynda bagtyýar çagalygy wasp edýän döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini beýan etdiler. Aýratynam, ýaş nesillerimizi ata-enä bolan hormatyny, mukaddes Watanymyza belent söýgüsini artdyrmakda, olaryň bu ugurdaky duýgy-düşünjelerini çuňlaşdyrmakda ýerine ýetirilen sungat eserleriniň gymmatyny bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm