«Heýkeltaraşlyk we plastiki modelirlemek» atly kitap

Awtor: O. Utomyşewa.
Neşirýat: Ylym neşirýaty.
Çap edilen wagty: 2025.
Sahypa sany: 60 s.

Okuw gollanmasy heýkel ýasamagy we plastiki modelirlemegi öwrenmegiň dürli usullaryny türkmen dilinde öwrenmegiň ilkinji synanyşyklarydyr. Heýkeltaraşlyk we binagärlik hünärini ýokarlandyrmak tejribeli, professional taýýarlygy ýokary derejede bolan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda üznüksiz zähmet çekmek ýoly bilen gazanylýar.
Bu gollanmada heýkeltaraşlyk sungaty, heýkeltaraşlyk sungatynyň esaslary, manysy, görnüşleri, heýkeli döretmegiň usuly (tehnikasy), ulanylýan serişdeleri, ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan gurallar barada maglumatlar berilýär. Gollanmada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” we “Arhitektura” bölüminiň mugallymlarynyň döreden heýkel eserleriniň we talyplaryň okuw prosesinde döreden heýkel işleriniň reproduksiýalary ýerleşdirildi.
Bu okuw gollanmasy şekillendiriş we binagärlik sungaty bilen gyzyklanýanlara,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk”, “Arhitektura”, “Dizaýn”, “Sungaty öwreniş” bölümleriniň talyplaryna, ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplaryna, sungat mekdepleriniň okuwçylaryna niýetlenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm