Saud Arabystan Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine syýahat

Saud Arabystan Patyşalygy hem-de Türkmenistan ýurdumyz iki döwletler özaralarynda medeni gatnaşyklary saklap gelýär. Häzirki wagtda şäher gurluşygynda, abadanlaşdyrmakda döwrebap usullary ulanmak we gurluşyk işlerini ýokary derejede amala aşyrmak hem-de bu babatda dünýäniň ösen ýurtlary bilen tejribe alyşmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda şäher gurluşygy ugrunda tejribe alyşmak maksady bilen, Saud Arabystan Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine 21-23-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Sanjarbeg Ismailow gulluk iş saparynda boldy. Saparyň esasy maksadyna laýyklykda Saud Arabystanynyň häzirki zaman we milli binagärlik ýörelgeleri bilen içgin tanşylyp, gözel şäher giňişliklerinde bezeg we landşaft çözgütleriniň ösüşine syn edip, şeýle-de sergilere gatnaşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm