Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň maýilnamasyna” laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň, Aşgabat şäher Neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň wekilleriniň gurnamaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm