Halyçylyk sungaty – milli mirasymyz

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milletiň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň däplerini gaýtadan dikeltmäge berýän aýratyn goldawy netijesinde Türkmenistanda halyçylyk sungaty täze ösüşlere, täze mazmuna, ruhy galkynyşa eýe boldy.
2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 25-nji maýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halyşynaslarynyň XXV mejlisiniň “Halyçylyk sungaty – milli mirasymyz” atly halkara ylmy maslahatynyň ikinji bölümçesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Halkara ylmy maslahatynda daşary ýurtly wekilleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň ylmy çykyşlary ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm