Türkiýe Respublikasynyň Trabzon we Rize welaýatlaryna metbugat syýahaty

2025-nji ýylyň 12-16-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Döwrangeldi Moýtyýew Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylygy mahabatlandyrmak we ösdürmek agentligi tarapyndan gurnalan Trabzon we Rize welaýatlaryna metbugat wekilleriniň syýahatçylyk gezelenji boýunça çärä gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Trabzonda Anadolynyň iň täsirli ýadygärlikleriniň biri bolan IV asyrda gurlan Sümela ybadathanasyna aýlanyldy. Şeýle-de Garadeňiziň iň belli Akçaabat Orta mahelle diýlip atlandyrylýan muzeýine, 1870-nji ýylda Ortamahellede bina edilen Timurçiler köşgüne we Aýa Sofiýa metjidine gezelenç edilýär. Rizeniň şäher merkezindäki Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Çaý bazary” atly bina we onuň töweregindäki seýilgähine, mundan başga-da Fyrtyna akymynyň günbatar eňňitlerinde ýerleşýän sebitiň iň tapawutly ýadygärligi bolan Zil galasyna, Çamlyhemşin etrabynda ýerleşýän Palowit şarlawugyna, gözel ýaýlalaryna, esasanda Aýder diýip atlandyrylýan owadan ýerlerine syýahat edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm