“Zehin aýdyňlygy, paýhas käni” atly okuw sapagy

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 22-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabynyň “Zehin aýdyňlygy, paýhas käni” atly bölümine bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda halkymyzyň milli gymmatlygy bolan halyçylyk hem-de zergärçilik sungaty bilen baglanyşykly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Häzirki günde ýokary okuw mekdebimizde halypa-şägirtlik ýoly üstünlikli dowam etdirilýär. Halypalarymyzyň toplan baý tejribesi sungat ojagymyzyň halyçylyk we zergärçilik hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň döreden sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Zehinli ýaşlarymyzyň döreden halyçylyk hem-de zergärçilik eserlerinde gadymdan gelýän milli nusgalaryň görnüşleri döwrebap sazlaşykda ýerine ýetirilýär. Okuw sapagynda çykyş edenler her bir ýerine ýetirilen döredijilik taslamalarynyň çeper çözgüdi we tehniki aýratynlygy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary diňleýjilere ýetirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm