Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda “Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni” atly halkara ylmy maslahatynyň “Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny” atly ikinji bölümçesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Şeýle-de maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we zehinli talyplarynyň döredijilik taslamalaryndan gurnalan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Häzirki günde eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň bu günki günde tanalmaz derejede özgermegi, ýaşamak hem-de medeniýetli dynç almak üçin nusgalyk şähere öwrülmeginiň aýratynlygy barada bellenilip geçildi.
Milli binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, dünýä ülňülerine gabat gelýän binalar toplumlary gaýtalanmajak sazlaşygy emele getirýär. Aşgabat şäheriniň milli binagärlik sungatyny halkara derejesinde ylmy taýdan öwrenilmeginiň derwaýysdygy nygtaldy. Soňra halkara maslahatynyň ikinji bölümçesiniň meýilnamasy boýunça Russiýa Federasiýasynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän tanymal wekilleriň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň jemi ýigrimi bir sanysynyň ylmy çykyşlaryna uly orun berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm