Medeni gatnaşyklary ösdürmegiň ýoly

2025-nji ýylyň 3-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Hezretguly Annageldiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde geçirilen “Türkmenistan ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi” atly sergisine gatnaşdy. Sergide iki döwletiň milli aýratynlygyny açyp görkezýän işleri sergini tapawutlandyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary sergini bezedi.
Goňşy döwletler bilen guralýan özara medeni halkara gatnaşyklary we ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmek işleri dowam edýär. Şeýle-de 13-14-nji maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäheri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iki döwletiň şäheriniň binagärlik sungaty, gadymy ýadygärlikleri, minaralary, haşamlanan binagärlik toplumy bilen içgin tanşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm