2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzyň halkara derejesinde gazanýan sport üstünliklerini dabaralandyrmak, şeýle hem “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynda gazanan üstünliklerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has-da belende götermek boýunça mugallymlaryň gatnaşmaklarynda “Türkmen suratkeşleriň döredijiliginde sportuň waspy” atly tegelek stoluň başynda “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edildi.