“Gyz edebi — il edebi” atly duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet çepercilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus edep-ekram barada gyzlaryň arasynda ýaşuly wekilleriň gatnaşmaklarynda “Gyz edebi — il edebi” atly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty barada “Gyzly öý – gyzylly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam” hem-de “Enem – käbäm, atam - kyblam” ýaly ajaýyp pähimler barada gyzykly gürrüňler boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm