«Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – ýurdumyzyň sarsmaz sütünleri» atly ylmy-amaly maslahat

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – ýurdumyzyň sarsmaz sütünleri» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Milli baýdagymyz türkmeniň ykrarynyň we bakylygynyň nyşanydyr», «Döwlet Baýdagymyz - mukaddesdir», «Şekillendiriş sungatynda milli Tugumyzyň şöhlelenişi», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – parahatçylygyň nyşany», «Ýaşyl tugum – göz guwanjym», «Baýdak türkmeniň ruhy täjidir» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy ýurt Garaşsyzlygynyň nyşanlary esasynda mukaddes saýylyp, agzybirligiň we bitewiligiň alamaty hökmünde dabaralandyrylýar. Döwletli halkymyzyň mukaddes Tugy bu gün ýurdumyzy dünýä tanadýar diýip, çykyş edenler buýsançly belläp, türkmen baýdagynyň taryhy kökleri barada yzygiderli çykyşlar ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm