«Adam ömrüniň howpsuzlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2025-nji ýylyň maý aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň maý, iýun aýlarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň bilelikde gatnaşmaklarynda, «Adam ömrüniň howpsuzlygy» şygary bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler häzirki wagtda ýangyn döremek howpy esasan ýaşaýyş jaýlaryň, edaralaryň tok çeşmelerinde emele gelýändigini bellediler. Ýaz, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde, howanyň yssylygy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Ondan başga-da öýde tokly suw gaýnadyjy, nahar bişiriji enjamlarda, ütük ulanylanda el telefonlary zarýada goýlanda birnäçe tokly enjamlarda ýangyn howpy döräp bilýändigi bilen bagly dürli mysallary getirdiler. Olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnalmalydygyny ýaşlaryň dykgatyna ýetirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm