«Beýik gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly ylmy-amaly maslahat

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 1941-1945-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Mukaddes Watanymyň beýik gahrymanlary», «Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde edermen gerçeklerimiziň keşbi», «Ata-babalarymyzyň edermenliklerine beslenen şöhratly ýeňiş», «Miras bolan merdanalyk mekdebi», «Türkmen sungatynda Watanymyzyň şöhlelenilişi», «Türkmen şekillendiriş sungatynda Köneürgenjiň binagärlik mirasy», «Türkmen halkynyň edermenlik däpleri», «Pederleriň mertlik ýoly», «Taryhy ýadygärliklerimiziň çeperçilik çözgütleri», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Watan gerçekleriniň keşbi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler beýik ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýulýandygy, şeýle-de Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan ýaşlary terbiýelemegiň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm