2025-nji ýylyň 20-25-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” we “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymlary Gunça Goçmyradowa hem-de Hatyja Amansähedowa Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iş saparynda boldular. Olar “Özbegistanyň şekillendiriş sungaty galereýasynda” Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gurnalan “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly sergisine gatnaşdylar. Bu sergide her bir döwletiň milli aýratynlyklaryny beýan edýän eserler gatnaşyp, onda türkmen zenanlarynyň döreden eserleri halkara wekilleriniň ünsüni özüne çekdi. Mugallymlar Özbegistan Respublikasynyň Samarkant, Buhara şäherleriniň taryhy ýadygärliklerine, milli muzeýlerine hem-de gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Şeýle-de Özbegistanyň çeperçilik sungaty akademiýasynyň galereýasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň öz aralarynda döredijilik eserleri we her döwletiň milli sungatynyň aýratynlygy barada geçirilen maslahata gatnaşdylar.