Halypalar bilen döredijilik maslahaty
Häzirki günde Magtymguly Pyragynyň döredijilik ussatlygyny, edebi mirasyny ylmy taýdan seljermäge uly ähmiýet berilýär. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda Gündogaryň parlak ýyldyzy hasaplanýan akyldar Magtymgulynyň 300 ýyllyk toýy ýokary derejede dabaraly ýagadaýda geçirildi. Bu ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyz beýik şahyryň döredijiligine bagyşlap, birnäçe sungat eserlerini ýerine ýetirdiler. Zehinli talyplarymyzyň döreden sungat eserleri gymmatly çeşmeleriň sahypasynda öz beýanyny tapýar.Sungat ojagynda aprel aýynyň 29-na Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabyna girizilen zehinli talyp ýaşlarymyzyň sungat eserlerine bagyşlap halypalar bilen döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynda uly orun alan ýaş zehinleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren ajaýyp eserleri sungat nazaryýetini baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Döredijilik maslahaty talyp ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy.