Sungat wekilleriniň döredijilik üstünlikleri

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 26-njy aprelinde Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen ajaýyp dabara giň gerime eýe boldy. Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimize goýulýan
hormat-sarpanyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýän bu dabara ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Bu dabarada ýelden ýyndam, gamyşgulak ahalteke bedewlerimiziň ajaýyp keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginde haly eserini döretmek boýunça Ýusup Gulowyň «Bedew batly Watanym!» atly haly eserine, zergärçilik eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewiň «Altyn bezeg» atly at şaý-sep toplumyna, surat eseri boýunça «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň «Behişdi bedewler» atly nakgaşlyk eserine, heýkel eseri boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goçmyrat Hanowyň «Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi» atly heýkel eserine, neşir önümi boýunça «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýewiň «Şa serpaýly bedewli halylar» atly senenama neşir işine, teleoperatorçylyk işi boýunça Baýram Garlyýewiň «Owazasy dünýä dolan Galkynyş» atly wideo şekiline ýokary baha berlip ýeňiji diýlip yglan edildi. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň şa serpaýy gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm