Şekillendiriş sungatynda bedewleriň waspy

Eziz Diýarymyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan toýlanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dürli dabaralardyr, medeni çäreler ýatdan çykmajak wakalara beslenýär.
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergide ussat halypalaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda halypalaryň beýan eden paýhasly ündewleri mugallym we talyplaryň döredijilik joşgunyny has-da galkyndyrdy.
Döredijilik sergisinde şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň ajaýyp keşbi şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň görnüşlerinde giňden beýan edilen sungat eserleri görkezildi. Eserlerde bedewlerimiz türkmeniň uçar ganaty, göwün syrdaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasy hökmünde asuda parahat durmuşymyzy wasp edýän döredijilik pikirleri çeper sazlaşykda ýerine ýetirilendir.
“Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi, täze maglumatlara baýlygy hem-de täsirligi bilen tapawutlanýar.

Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm