Täsirli ussatlyk okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň “Federmoda” milli assosiasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasynyň ilçisi jenap Luiji Ferrariniň, Italiýa Respublikasynyň “Federmoda” milli assosiasiýasynyň baş direktory Antonio Françeskiniň, Italiýa Respublikasynyň “Federmoda” milli assosiasiýasynyň döredijilik boýunça direktory Roberto Korbelliniň gyzykly çykyşlary ýerine ýetirildi. Çykyşlarda moda birleşiginiň ýerine ýetirýän wezipeleri we dünýäde döredilen moda kärhanalaryň alyp barýan işleri barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle-de, moda lybaslarynyň döredilişi hem-de modelýer suratkeşleriň döredijiligi barada we häzirki döwürde dizaýn sungatynyň ulgamynda bolup geçýän täze özgerişleriň, döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti hakynda çykyşlar boldy. Ussatlyk sapagynyň dowamynda çykyş eden myhmanlar şekilli wideo görnüşleriniň kömegi bilen söhbetdeşligi gyzyklandyrdylar. Ussat dizaýnerleriň çykyşlaryndan soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallym talyplarynyň gyzyklandyrma soraglaryna ýerlikli jogaplar berildi. Geçirilen bu ussatlyk sapagy akademiýanyň mugallym talyplary üçin örän täsirli bolup, olaryň okuw tejribeligini hem-de bilim derjesini kämilleşdirmekde ähmiýeti uludyr.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm