Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda açylan «Bir halypanyň iki şägirdi» atly sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Annageldi Jumaniýazowyň şägirtleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýewiň we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 90-njy orta mekdebiniň mugallymy Merdan Babajanow ýaly şägirtleriň nakgaş eserleri görkezildi. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň belli suratkeşleri we sungaty öwrenijileri çykyş etdiler.