2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyna bagyşlanyp, «Halypa ussatlaryň eserlerinde Seljuklar döwri» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda halypa mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Aýratynam Döwletgeldi Akyýewiň kitap bezeginde Seljuklar döwrüniň şöhlelenişi, türkmen nakgaşçylygynda soltanlaryň edermenligi, Seljuklar döwrüniň miniatýura sungaty, türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda Seljuk hökümdarlarynyň çeper çözgüdiniň aýratynlyklary, Soltan Sanjar döwründe ylmyň ösdürilişi şeýle-de, nakgaşçylykda Seljuk hanlarynyň portretleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly gyzykly ylmy çykyşlar boldy.