«Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly döredijilik sergisi

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly döredijilik serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Aýratynda Watanymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny, mukaddes topragymyzyň gözel tebigatyny, şu günki günümiziň günsaýyn özgerýän taryhyny wasp edýän sungat eserleri bu serginiň gymmatyny artdyrdy. Sergä tomaşa eden watandaşlarymyz özlerinde täsir galdyran buýsançly duýgularyny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm