2025-nji ýylyň mart aýynyň 05-ne berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda talyp gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän iş başarjaňlylygy, ugurtapyjylygy, ruhubelentligi, buýsançlylygy keşp hem-de edep gözelligi, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wagyz etmek, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen «Talyp gözeli – 2025» atly gözellik bäsleşigine işjeň gatnaşyp tapawutlanandygy üçin “Grafika” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güljemal Nepesowa diplom bilen sylaglandy.